Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy

04:1424.06.2019
0
9254

"Sabantuý" baýramçylygy tamamlanansoň, Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Kazan şäheriniň halkara howa menziline geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly halklaryň gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyrynyň başyny başlan geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, Tatarystanyň ýolbaşçysy bilen mähirli hoşlaşdy hem-de ony Türkmenistanda görmäge hemişe şatdygyny belledi. Tatarystanyň Prezidenti netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary bellenen bu sapary üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ak ýol arzuw etdi diýip, TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüne garaşyp duran «Boinge» mündi, uçar Aşgabada tarap ugur aldy.

Şu gün agşamara hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menziliniň mejlisler zalynda iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Russiya Federasiyasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň