Soňky habarlar

Arhiw

Futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň kubogynda ýarymfinala çykan toparlar belli boldy

23:5723.06.2019
0
3560

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherinde geçirilýän futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň Kubogynda ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Geçirilen iki tapgyrdan soň “A” toparçada “Mary” bilen “Daşoguz” toparlary wagtyndan öň ýarymfinala çykmagy başardylar. “B” toparçada “Aşgabat” bilen “Ahal” toparlary wagtyndan öň bu abraýa mynasyp boldular diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

24-nji iýunda geçiriljek üçünji tapgyryň duşuşyklarynda haýsy toparlaryň birinji orundan ýarymfinala çykjakdyklary belli bolar.

Ikinji tapgyryň netijeleri:

Oýun 3 «A» - toparça «Mary» –«Balkan» 16:1

Dynç güni - «Daşoguz»

Oýun 4 «B» - toparça «Ahal» – «Lebap» 4:0

Dynç güni - «Aşgabat»

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň