Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi: ikinji gün

23:5223.06.2019
0
6771

Giň gerimli döredijilik forumynyň ikinji gününiň maksatnamasy hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini açyp görkezýän dürli çärelere baý boldy.

Şu gün irden Gerkez obasynda, Magtymguly adyndaky 3-nji orta mekdebiň öňündäki meýdançada «Nesilleriň rowaçlyga buýsanjy» atly çagalar döredijilik toparynyň çykyşy boldy. Ýaş ýerine ýetirijiler aýdym-saz we tans kompozisiýalarynda özleriniň zehini hem-de ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tapawutlandylar, saz gurallaryny ussatlyk bilen çalmak bilen, tomaşaçylary haýran galdyrdylar.

Döredijilik forumynyň çäklerinde Magtymguly şäheriniň mekdepleriniň birindäki maslahatlar zalynda «Arkadagyň kitaplary — rowaçlygyň belent waspy» diýen at bilen «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi. Kitap-neşir önümleriniň sergisi şu çärä gabatlanyldy. Onda görkezilýän önümleriň içinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlerine aýratyn orun berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda medeniýet we bilim ulgamynyň işgärleri, kitaphana işiniň hünärmenleri, şahyrlar we ýazyjylar, žurnalistler bar. Onuň çäklerinde ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, medeni aň-düşünje işlerini häzirki zaman derejesinde ýola goýmak barada gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalar geçirildi.

Soňra Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik, tejribe merkeziniň botanika bagynda ýurdumyzyň folklor toparlarynyň gatnaşmagynda «Miras — rowaçlygyň waspy» diýen owadan çykyşlar boldy.

Döredijilik forumynyň ikinji güni Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Konsert Gerkez obasynyň golaýynda ýerleşýän tebigatyň ajaýyp künjegi bolan Düýedaş diýen dag jülgesinde geçirildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň