Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynda "Sabantuý" baýramçylygyna gatnaşdy

15:2923.06.2019
0
7308

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň bilelikdäki awtoulag kerweni «Sabantuý» baýramçylygynyň geçiriljek ýeri bolan Mirnyý etrabynyň «Berýozowaýa roşşa» tokaýlyk meýdançasyna tarap ugrady. Bu ýerde ertirden bäri aýdym-saz ýaňlanýar hem-de köpçülikleýin gezelençler bolup geçýär diýip, TDH habar berýär.

Amfiteatryň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdança gelensoňlar, türkmen Liderini we Tatarystanyň Baştutanyny meşhur döwlet we syýasy işgäri, Tatarystanyň ilkinji Prezidenti, häzir bolsa Döwlet geňeşçisi Mintimir Şaýmiýew hem-de Kazanyň häkimi, şeýle hem iki ýurduň artistleri aýdymlar, türkmen we tatar tanslary, milli toý saçaklary çak-çak we pişme bilen garşyladylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Rustam Minnihanowy amfiteatra çagyrýarlar, bu ýerde biziň iki ýurtlarymyzyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda owadan folklor çykyşlary başlanýar.

Konsert tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary Mintimir Şaýmiýew bilen bilelikde, Respublikanyň Munisipal etraplarynyň milli sergilerini synladylar. Sergide däp bolan ýaşaýyş jaýlary we kerwensaraýlar, gadymy senetçilik, milli oýunlar we güýmenjeler görkezildi. Bu ýerde sazlar ýaňlanýar, şadyýan aýdymlar, çagalaryň gülküsi al-asmana göterilýär. Mertebeli myhmanlaryň barýan ugrunda hemme ýerde olary şatlyk bilen mübäreklediler, ýadygärlik hem-de halk döredijilik önümleri sowgat etdiler.

Bu ýerde türkmen ak öýi hem görkezildi, halkymyzyň tebigatyň gözel künjekleri şekillendirilen döwrebap suratlar bilen üsti ýetirilen amaly-haşam sungatynyň eserleri guraldy. Baýramçylygyň myhmanlary üçin biziň ýurdumyzyň döredijilik toparlary halkymyzyň gelin toý däpleriniň äheňi esasynda folklor-etnografiýa kompozisiýasyny görkezdiler.

Gapdalda Türkmenistanyň neşirýat önümleriniň sergisi ýerleşdirilip, onda mekdebe çenli ýaşdaky çagalara niýetlenen çeper edebiýatdan başlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işlerine çenli köp görnüşli kitaplary görkezildi.

Ýeri gelende aýtsak, bu baýramçylygyň bir gün öňüsyrasynda milli Liderimiziň kitaplary iki halkyň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşantlary hem-de oňat okuwlary üçin Tatarystanda bilim alýan talyplara sowgat berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça guralan ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň ýaş türkmenistanlylar bilen duşuşyklary Powolžsk döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk akademiýasynda hem-de Kazan federal uniwersitetinde geçirildi. Myhmanlar şeýle hem maglumat tehnologiýalarynyň we intellektual ulgamlaryň ýokary mekdebine baryp gördüler.

...Mirnyý etrabyndaky sergide bolsa «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» ensiklopediýasy bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi. Onda beýan edilýän taýýarlanyş usullary boýunça şu ýerden birki ädimlikde dürli otlardan we olaryň garylmagyndan örän täsir ediji içgiler taýýarlanylýar. Adamlar olardan diňe bir kanagatlanmak bilen dadyp görmän, eýsem, doganlyk ýurtdan güneşli salam hökmünde bejeriş fitoýygyndylary bolan oňaýly gaplyja önümleri ýanlary bilen alyp hem gidýärler.

Biraz aňyrrakda bolsa, türkmen milli tagamlarynyň kalbyňy heýjana salýan datly önümleri paýlanýardy. Bu ýerde toý pişmelerinden we beýleki nygmatlardan datmak mümkin boldy. Şoňa görä-de, isleg bildirýänlerden ýaňa, uly bolmadyk nobat hem döredi. Hemmeler ak öýleriň ýanynda hem-de nurana türkmen haly önümleri, milli egin-eşikler, keteniler, nagyşlanan el işleri we şaý-sep sungatynyň geň galdyryjy nusgalary goýlan sergi bölüminiň ýanynda surata düşüp, türkmen milli özboluşlylygyny ýadygärlik alyp galmaga ymtyldylar. Her kim telpek geýip görmek isledi, bedewlere niýetlenip kümüşden we köp dürli reňklerden taýýarlanan bezegler barada uly höwes bilen gyzyklandylar, islendik adam ýumşak türkmen halylarynda rahat oturyp, joşgunly täsirleriň duýgusyna beslenip dynç alyp hem bildi.

Ine-de, hemmeler uly konsertiň geçiriljek baş meýdançasyna ýygnandylar. Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri öz orunlaryna geçýärler.

Çykyş Tatarystanyň döredijilik toparlarynyň, aýdymçylarynyň gatnaşmagynda «Kazan solgese» diýen teatrlaşdyrylan sahna bilen açyldy.

Göýä ýer sürýän ýaly azally at baýramçylygyň özüni, onuň ekerançylyk köklerini alamatlandyrdy. Şoňa görä-de, şu gün dabarada öz zähmeti bilen ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmek, oba hojalyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak baradaky möhüm wezipeleri çözýän adamlary hormatladylar.

Soňra baýramçylyk konserti başlandy. Onuň maksatnamasyna tatar estradasynyň ýyldyzlarynyň we Kazanyň, tutuş Respublikanyň iň oňat döredijilik toparlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň meşhur artistleriniň we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary girizildi.

Türkmen halkynyň adyndan aýdym-saz mübäreklemesi hökmünde «Salam, dostlar!» diýen aýdym ýaňlandy. Onuň dowamynda monitorda Tatarystanda hem uly sarpa goýulýan ahalteke bedewleri hem-de ýurdumyzyň baradaky beýleki şekiller görkezildi. Türkmen ýerine ýetirijileri şeýle hem tomaşaçylary milli saz gurallarynda ussatlyk bilen ýerine ýetirilen özboluşly mukamlar bilen şatlandyrdylar. Horeografiýa toparlary ýatdan çykmajak täsirleri bagyş etdiler.

Ýöne, bu ýere ýygnananlar üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we Kerimguly Berdimuhamedowyň sazyna «Arzuw» diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi hakyky garaşylmadyk sowgada öwrüldi. Konserti alyp baryjynyň yglan edişi ýaly, bu aýdym «Sabantuý» baýramçylygynyň hormatyna türkmen Lideriniň aýdym-saz sowgadydyr.

Küştdepdi tansy gadymy türkmen medeniýetiniň ýüzüni görkezdi. Ol birleşen tans topary tarapyndan mizemez baky juwanlygy bilen ýerine ýetirildi. Türkmenleriň däp-dessur tansy üýtgeşik depgini hem-de gaýtalanmajak sazlaşyklygy bilen tatarystanlylary haýrana goýup, hemmeleri ruhubelentlige we egsilmez päklige besledi.

Çykyşlar tamamlanandan soň, guşakly göreş boýunça pälwanlar göreş tutdular: düşekçeleriň ikisinde tatar göreşi kureş hem-de türkmen göreşi boýunça ussatlaryň tutluşyklary alnyp baryldy, tomaşaçylar bolsa sportuň bu milli görnüşleriniň hem ýakynlygyny, hem düzgünlerindäki we tehnikasyndaky tapawutlylygyny görüp bildiler. Ýeňijilere baýrak hökmünde, gadymy döwürde bolşy ýaly, iki sany goýun meýdança çykaryldy. Garşydaşlaryndan üstün çykan pälwanlar mynasyp bolan bu sylagyny öz eginlerine alyp gitdiler.

Baýramçylygyň sport böleginde güýçlüliler we çalasynlar üçin däp bolan beýleki güýmenjeler, çagalar üçin oýunlar hem-de tatar halkynyň mirasyny emele getirýän ýene-de ençeme beýlekiler görkezildi.

Häzir Türkmenistanda hem bu ugurda maksada gönükdirilen uly işler geçirilýär, möhüm we gyzykly taslamalar amala aşyrylýar, taryhy-medeni mirasy öwrenmek hem-de wagyz etmek üçin hemme şertler döredilýär. Biziň topragymyzda öz yzyny goýan ýüzlerçe nesilleriň durmuşyny beýan edýän däp-dessurlara bolan gatnaşyk -- munuň özi adamlaryň medeni derejesi we olaryň geçmişe goýýan hormaty bilen birlikde, döwletiň ösüş derejesiniň hem görkezijisidir. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-tatar we umuman, halkara gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegidir, şoňa görä-de, milli Liderimiziň Kazana häzirki sapary, biziň artistlerimiziň uly wekiliýetiniň «Sabantuý» baýramçylygyna gatnaşmagy, gürrüňsiz suratda, medeni aragatnaşyklarymyzyň gerimine itergi berer.

Köpçülikleýin baýramçylyga gatnaşmagyndan başga-da, türkmen sungat ussatlary şol gün agşam Kazandaky Galiasgara Kamala adyndaky tatar teatrynda konsert berdiler. Oňa gatnaşan tomaşaçylaryň arasynda Tatarystanda bilim alýan türkmen talyplary hem boldy...

...Mirnyý etrabyndaky dabaralar tamamlanandan soň bolsa, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow bu ýerden ugradylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň