Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi

14:2523.06.2019
0
3802

Şu gün Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Tatarystanyň Prezidenti belent mertebeli myhmanyna türkmen-tatar gatnaşyklaryny goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň şu saparyna hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde baha berilýändigini nygtady. Prezident Minnihanow iki halkyň özara gyzyklanmasyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ulgamlaýyn strategiki häsiýetini nazarda tutup, Kazanda Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak baradaky teklibini aýtdy.

Diňe şu ýylyň dowamynda biz Tatarystanyň Prezidenti bilen eýýäm ikinji gezek duşuşýarys. Munuň özi biziň halklarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň aýratyn häsiýete eýedigine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkdigine, hyzmatdaşlygyň ýola goýlan iş gurallarynyň bardygyna şaýatlyk edýär diýip,türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklar ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlyk babatda netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Türkmenistan we Tatarystan kuwwatly senagat mümkinçiligine eýedir. Biziň öňümizde köp taslamalar bar, olaryň durmuşa geçirilmegi biziň halklarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki wagtda türkmen-tatar gatnaşyklary Russiýa bilen döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar, onuň üstüni ýetirýär we baýlaşdyrýar. Şu nukdaýnazardan Tatarystan özüniň ägirt uly serişdeler — senagat kuwwaty hem-de iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklar jähtinden möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Rustam Minnihanowyň Kazanda Türkmenistanyň konsullygyny açmak baradaky teklibini diňe bir goldaman, eýsem, türkmen we tatar paýtagtlaryny baglanyşdyrýan howa gatnawlaryna isleg artan halatynda, onuň sanyny köpeltmegiň mümkinçilikleri barada hem aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Siziň Respublikaňyzyň arasyndaky gatnaşyklara goşmaça kuwwatly itergi berildi. Munuň özi bu gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Tatarystanyň kärhanalary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygymyz üstünlikli ösdürilýär. Şol kärhanalar we kompaniýalar Türkmenistanda ygtybarly we netijeli hyzmatdaşlar hökmünde ykrar edildi.

Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «KAMAZ» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzdaky işini aýratyn belläp, häzirki wagtda türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda bu meşhur awtoulaglaryň giňden ulanylýandygyny, olaryň özlerini diňe gowy tarapdan görkezendigini nygtady.

2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda «KAMAZ»-yň okuw-hyzmat merkezi üstünlikli işleýär. Şeýle merkezler Mary we Balkan welaýatlarynda hem döredildi. Şu gün dürli kysymly «KAMAZ» awtoulaglarynyň 2 müň birligini satyn almak barada ylalaşyga gol çekilýändigini hem-de şonuň ýaly satyn alynmalaryň geljekde hem maksat edinilýändigini göz öňünde tutup, döwlet Baştutanymyz maddy-enjamlaýyn binýat we ony giňeltmek boýunça hyzmat ediş işlerini güýçlendirmegiň maksada laýyk boljakdygy barada aýtdy.

Awiagurluşyk ulgamynda Kazanyň dikuçar zawody bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Onuň önümleri Türkmenistanyň halk hojalygynda ulanylýar. Hyzmatdaşlarymyzyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri garamaga taýýardyrys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi. Şu gün senagat sergisinde görkezilen howa tehnikalaryny, deňiz gämilerini we önümleriň ençeme beýleki görnüşlerini satyn almaga ýurdumyz gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanda ykdysady özgertmeler, ilkinji nobatda, senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary hilli hem-de eksport ugurly önümleriň köp görnüşleriniň öndürilmegini göz öňünde tutýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, nebit çykarmak we nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda, nebithimiýa senagatynda «Tatneft» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygymyzyň uly mümkinçilikleri bar.

Şu babatda Türkmenistan we Tatarystan hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we şu gün bu meseläni ara alyp maslahatlaşmagy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Umuman, türkmen-tatar söwda-ykdysady gatnaşyklary pudaklaryň köpüsini öz içine alýar. Olaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özlerini iň gowy tarapdan görkezen oba hojalyk maşynlaryny, beýleki ýörite tehnikalary we enjamlary ibermek, şeýle hem gämi gurluşygy, motor gurluşygy, azyk we gaýtadan işleýän senagaty, oba hojalygy ulgamlary we beýleki pudaklar bar.

Mundan başga-da, agrar, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda üstünlikli gatnaşyk edip bileris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň işewür toparlarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şu babatda ikitaraplaýyn işewür forumlary geçirmek tejribesi özüni gowy tarapdan görkezdi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, täze usullary we ugurlary gözlemäge gönükdirilen gepleşikler alnyp barylýar.

Ynsanperwer gatnaşyklary Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda hemişe aýratyn orun eýeleýär. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, diliň ýakynlygy, medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy birleşdirýär. Häzirki döwürde taraplaryň ikisi hem olary ösdürmek we baýlaşdyrmak üçin ähli tagallalary edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bilim, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Indi birnäçe ýyldan bäri biz ýaşlarymyzy Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerine okamaga iberýäris. Şol ýerde olar tehniki, ynsanperwer, medeni we sport hünärleri boýunça bilim alýar. Munuň özi bu ugurdaky işiň başlangyjydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistandan Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine iberilýän talyplaryň sanyny ýylsaýyn artdyrmagy, işgärleri taýýarlamagyň ugurlaryny yzygiderli giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Tatarystanyň uniwersitetleriniň we institutlarynyň arasynda göni ylym-bilim gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garamagyň maksada laýykdygyny belledi. Milli Liderimiziň pikirine görä, şeýle usul bilim ulgamynda bilelikdäki işiň mazmunyny baýlaşdyrar.

Ylmy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak türkmen-tatar gatnaşyklaryny ösdürmek üçin oňat esas bolup durýar. Däp bolşy ýaly, Tatarystanyň alymlary, döredijilik toparlary ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy we medeni çärelere gatnaşýarlar. Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň hem-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklarynyň arasynda öňden gelýän hoşniýetli dostluk we özara düşünişmek däpleriniň pugtalandyrylmagynyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylar üçin Tatarystan Respublikasynyň ruhy taýdan örän ýakyn toprakdygyny, Tatarystanyň halkynyň bolsa açyklygy we zähmetsöýerligi bilen hemişe biziň halkymyzda uly hormat-sarpa eýe bolandygyny nygtady. Biz soňky ýyllarda gazanylan ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary we netijeli derejesine ýokary baha berýäris. Tatarystany ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaşymyz hasaplaýarys. Biz Siziň Respublikaňyz bilen köp ugurlar boýunça işjeň gatnaşyk ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň halklarynyň uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelýändigine, biziň ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň strategiýasyna kybap gelýändigine ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň köp milletli halkyna onuň döredijilikli zähmetinde uly üstünlikler, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň