Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň boks ýygyndysy Grozny şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdy

13:3923.06.2019
0
9598

Çeçenistan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen boks boýunça halkara ýaryşa ýerli türgenlerden başga-da, Russiýanyň dürli ýerlerinden gelen boksçular hem-de Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň Talyplar birleşiginiň toparlary gatnaşdy diýip, "Dagystan" habarlar agentligi ýazýar. 

Ýerli boksçular bu halkara ýaryşyň ýeňijisi boldular. Iikinji orny Russiýanyň we Gazagystanyň toparlary, üçünji orny Türkmenistanyň topary bilen Russiýanyň Talyplar birleşiginiň türgenleri eýeledi. 

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenstanyň boks ýygyndysyna şu ýyldan başlap, ukrainaly hünärmen Wladimir Dworsow tälim berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň