Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň esasy kärhanalarynyň senagat önümleriniň sergisine baryp gördi

12:3323.06.2019
0
5164

Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň esasy kärhanalarynyň senagat önümleriniň sergisine baryp gördi diýip, TDH habar berýär.

Uly meýdanda Tatarystanyň uly senagat kuwwatyny şöhlelendirýän dürli pudaklaryň köp görnüşli önümleri ýerleşdirildi. Mysal üçin, bu ýerde Russiýanyň esasy awiagurluşyk merkezleriniň biri bolan Kazanda öndürilen awiasiýa tehnikasy görkezildi. Şeýle hem bu ýerde oba hojalyk maksatly, 560 kilograma çenli ýük göterijiligi bolan howa himiýa işleri üçin niýetlenen uçarlary görmek bolýar.

Ýörite enjamlar bilen üpjün edilen «Ansat» lukmançylyk dikuçary döwlet Baştutanymyzyň ünsüni çekdi. «Kazan wertolýot zawodynyň» ýolbaşçysy belent mertebeli myhmana bu ulagyň tehniki häsiýetleri barada habar berip, bu kysymly tehnikanyň ýörite Türkmenistanyň şertleri üçin uýgunlaşdyrylyp bilinjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen wekiliýetiniň degişli ýolbaşçylaryna bu meseläni öwrenmegi tabşyrdy.

Maşyngurluşygy we metaly gaýtadan işlemek, himiýa hem-de nebithimiýasy, nebiti çykarmak, elektrik energetikasy Tatarystan Respublikasynyň senagatynyň esasy pudaklary bolup durýar. «Tatneftiň», «KER-Holdingiň» önümleri görkezildi. Sergide oba hojalyk maşynlary we dürli işleri ýerine ýetirýän traktorlar, dürli senagat enjamlary hem-de köpgörnüşli gurallar möhüm orun eýeledi.

Russiýa Federasiýasynyň iri awtomobil korporasiýasy bolan «KAMAZ» hem özüniň önümlerini görkezdi. Olaryň hatarynda, ýük maşynlary, tirkegler, täze görnüşli awtobuslar we beýleki ulag serişdeleri, şol sanda «Daimler» (Merсedes-Benz) nemes kompaniýasy bilen bilelikde öndürilýän ulaglar bar. Bular şol sanda kuwwatly «Merсedes-Benz» hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan hem-de sowadyjysy we özbaşdak ýyladyjysy bolan oňaýly iş orunly 32,4 tonna çenli ýük göterijilikli ýüküni özi düşürýän gurluşyk tehnikalarydyr.

Açyk sergi meýdançasynda, şeýle hem Selsiýa boýunça +40-dan -40-a çenli aralykdaky derejede işe ukyply ýagdaýy bolan elektrobus görkezildi. Ol tok arkaly güýçlendirmezden 50 kilometr aralygy geçip bilýär, tok arkaly tiz güýçlendirmek mümkinçiligi bolsa, ony islendik şäher ugurlarynda peýdalanmaga ýagdaý döredýär.

2006-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli Türkmenistan tarapyndan «KAMAZlaryň» 7,5 müňe golaýynyň satyn alnandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň şu kysymly tehnikalaryň ABŞ-nyň 162,7 million dollaryndan gowrak möçberindäkisini satyn almak baradaky täze çözgüdi öňden gelýän hyzmatdaşlaryň gatnaşyklarynyň barha berkeýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti we Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy sergä syn etmegiň barşynda özara gatnaşyklary innowasion derejä çykarmagyň geljegini, öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda geljegi uly senagat taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini, bilelikdäki önümçilikleri döretmäge maýa goýumlaryny goýmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň