Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasyna iş sapary başlandy

09:0723.06.2019
0
5016

Şu gün - 23-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde bu sebitiň Baştutany Rustam Minnihanow bilen gepleşlikleri geçirdi hem-de «Sabantuý» milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutany Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady. Üç sagatdan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Halkara howa menziline gondy.

Haly ýodajygynyň ugrunda hormat garawuly nyzama düzüldi. Milli lybasly gyzlar Türkmenistanyň Prezidentine duz-çörek we däp bolan çak-çak tagamyny hödürläp, gül desselerini gowşurdylar.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutanyny Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow mähirli mübärekledi, bu sapar onuň çakylygy boýunça amala aşyryldy. Belent mertebeli myhmany Tatarystanyň Döwlet geňeşiniň başlygy F.Muhametşin, Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministri Alekseý Pesoşin, Kazan şäheriniň häkimi I.R.Metşin we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşylady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň