Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlaryň arasynda futzal boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy

03:0023.06.2019
0
3874

Eýranyň Töwriz şäherinde geçirilen futzal boýunça U-20 Aziýa çempionaty tamamlandy - diýip, "Championat.asia" saýty habar berýär.

Finalda Ýaponiýa we Owganystan duşuşyp, ýapon futzalçylary 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Ýaryşyň garaşylmadyk ýygyndysy bolan owgan futzalçylary bolsa kümüş medal bilen sylaglandy.

Üçünji orun ugrundaky duşuşykda Eýran Indoneziýany 9:1 hasabynda ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň