Soňky habarlar

Archive news

Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi

01:3323.06.2019
0
1178
Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi

22-nji iýunda Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Hamdulla Mohibiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary bilen geldi - diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Owganystan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar.  

Owgan wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň hormatly Prezidentine goňşy ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlary, hem-de döwletiň durmuş-ykdsady taýdan dikeldilmegi barada ýadawsyz tagallalary edýändigi üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Päkistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragtnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ara alyp maslahatlaşdylar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň