Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun: "Futbol bilen Türkmenistanda tanyşdym"

21:1322.06.2019
0
14928

Russiýanyň "Zenidiniň" eýranly hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun "Matç TW" teleýaýlymyna beren intewrýusynda ilkinji gezek futbol oýnaýşy hakynda gürrüň berdi. Görlüp oturylsa, ol ilkinji gezek ýaşyl meýdana Eýranda-da, Russiýada-da däl-de...

Azmunlaryň maşgalasy Gülüstan welaýatyndaky Kümmet-Kowus şäherinde ýaşaýar. Bu sebit Türkmenistan bilen araçäkde ýerleşýär. Welaýatyň esasy ýaşaýjylary türkmenler.  

— Adamlar siziň Russiýadaky karýeraňyzdan habarly: "Rubin"  — "Rostow" — "Rubin" — "Zenit". Ýöne hiç kim siziň ilkinji gezek nirede futbol oýanandygňyzy bilenok.

— Ilkinji gezek dogduk şäherimde futbol oýnapdym, şol wagt 9 ýaşymdadym öýdýän. Ýok, ýok, ilkinji gezek Türkmenistanda oýnapdym. Iki-üç sagat çemesi ulagda ýöräp barypdyk. Dynç alyş döwrüdi. 8 ýaşymda futbol bilen tanyşdym. Oňa çenli woleýbol bilen meşgullanýardym. Futbol oýnaşymy gören kakam erbet oýmaýandygymy aýdanda, hasam höweslendim. Soňra "Ogab" mekdebinde türgenleşip başladym. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň