Türkmenistanda iýul aýynda «Saglyk —2019» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

15:2222.06.2019
0
6135

21-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanyna «Saglyk —2019» atly halkara sergä we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Däp bolşy ýaly, forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp, 20 — 22-nji iýulda geçiriler.

Sergide dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden meşhur kompaniýalaryň 200-den gowragynyň ýörite enjamlarynyň we degişli önümleriniň nusgalary, derman serişdeleri hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň gazanan üstünlikleri görkeziler. Maslahatyň işi häzirki zaman lukmançylygy ösdürmegiň dürli ugurlaryna we geljegine bagyşlanan bölümleri boýunça geçiriler. Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan görnükli alymlaryň we professorlaryň, daşary ýurtlaryň ýokary lukmançylyk okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesiniň saglygy goraýyş edaralarynyň we pudaklaýyn ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnamalaryň hem-de Ylalaşyklaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň