Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary galla borçnamasyny berjaý etdiler

12:0322.06.2019
0
7867

Düýn Watan harmanyna bugdaýyň 89 müň 133 tonnadan gowragyny tabşyran Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Bu barada TDH habar berýär.

Etrapda bugdaý ekilen ýeriň meýdany 39 müň gektara barabardyr. Kärendeçiler bu ýere bugdaýyň «Bitarap», «Sähraýy», «Kalim», «Batko», «Moskowskiý — 56», «Bagrat» ýaly ýerli toprak-howa şertlerinde oňat netijeleri görkezen görnüşlerini ekdiler.

Galla oragyna «СLAAS», «John Deere» we «Сase» ýaly dünýäde belli firmalaryň däne ýygyjy kombaýnlarynyň 100-den gowragy çekildi. Olara tehniki hyzmat etmek üçin ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar we aragatnaşyk serişdeleri ýaly zerur zatlar bilen üpjün edilen toparlar berkidildi. Meýdanlardan bugdaýy ýük awtoulaglarynyň 600-den gowragy etrapdaky kabul ediş bölümleriň we elewatorlaryň 9-syna daşady.

Etrapda M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, A.Nyýazow adyndaky, şeýle hem «Magtymguly», «Bereketli», «Bugdaýly», «Ýaşyldepe, «Ýerbent» we beýleki daýhan birleşikleriniň ekerançylary şertnamalaýyn borçnamalaryna ilkinjileriň hatarynda hötde geldiler.

Gallaçylaryň ýadawsyz zähmeti döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilip, obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişini çaltlandyrýar.

Satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk tehnikalaryny almak üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere ýeňillikli karzlaryň berilmegi ekerançylaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, olary has ýokary hasyl almaga gyzyklandyrmak üçin oňat gural bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, suwaryş melioratiw ulgamlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurulmagyna öňdebaryjy agrotehnikanyň, ylmy işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna, tohumçylyk işiniň ösdürilmegine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, oba ýaşaýjylarynyň zähmet we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýär.

Gallaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli Ak bugdaý etrabynda dabara boldy. Onda etrabyň edermen gallaçylary daýhanlar barada edýän ählitaraplaýyn aladasy, ekerançylaryň netijeli işlemegi ugrunda döredýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnamak, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tejribelerini, güýç-gaýratlaryny we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.

Galla oragy dowam edýär. Ekerançylar gymmatly azyk önümini — meýdanda galan ähli hasyly gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnamagy maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň