Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda welaýatara halkalaýyn ýokary woltly elektrik geçirijileri çekiler

11:3722.06.2019
0
6603

21-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň hem-de eksporta iberilişiniň mukdaryny artdyrmak, elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ykdysady-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ugurlarynda halkalaýyn ýokary woltly elektrik geçirijileriniň gurluşygynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy üçin degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu gün ýurdumyzyň energiýa pudagynyň has ýokary kuwwatlylyga ýetendigini belledi. Giň hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň ägirt uly energetika we ykdysady kuwwaty ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýän daşary ýurtly kompaniýalary we şereketleri özüne çekýär.

Ýurdumyzyň elektrik üpjünçiligini ýokarlandyrmak energetika ulgamynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir. Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz welaýatlarynyň arasynda ýokary woltly elektrik geçirijisini çekmek baradaky taslamanyň çäklerinde täze halkalaýyn energiýa ulgamy dörediler. Milli Liderimiz onuň ugrunda beketleriň, paýlaýjy transformator bölümleriniň onlarçasynyň guruljakdygyny, elektrik geçirijileriň ýüzlerçe kilometriniň çekiljekdigini belledi.

Şeýlelikde, gerimi boýunça ägirt uly bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzda hereket edýän elektrik üpjünçilik ulgamy doly täzeleniler. Döwlet Baştutanymyz munuň okgunly ösýän sebitleri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesini oňyn çözmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bu taslama boýunça meýilleşdirilen ähli işler üçin göz öňünde tutulan toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň