"Köpetdag" Türkmenistanyň futzal ligasynyň çempiony boldy

11:0222.06.2019
0
7299

Surat: TFF

Ýurdumyzyň futzal ligasynyň jemleýji tapgyrlarynyň duşuşyklary geçirildi. Geçirilen duşuşyklarda ýeňiş gazanan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” topary çempionlyk derejesini gazandy. Türkmenistanyň Içeri işler minstrliginiň topary geçiren 22 duşuşygynda 53 utuk toplamagy başardy diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

50 utuk toplan “Talyp sporty” topary ikinji, 47 utugy bolan “Deňizçi” topary üçünji orunlary eýelediler. “Talyp sporty” toparynyň oýunçysy Mülkaman Annagulyýew bilen “Daýhanbankyň” oýunçysy Rahman Hallyýew derwezelere geçiren 29 toplary bilen iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdäki orunlary eýelediler.

Futzal ligasynda ilkinji üç orna mynasyp bolan toparlar ýurdumyzyň futzal çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Ilkinji gezek futzal ligasy ady bilen geçirilen bäsleşik toparlaryň 12-siniň gatnaşmagynda geçirildi. Iki aýlawdan ybarat bolan futzal ligasynyň duşuşyklarynyň Aşgabatda, Türkmenbaşyda hem-de Änewde geçirilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň