Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün futbol boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligine badalga berilýär

10:5822.06.2019
0
5563

Şu gün - 22-nji iýunda futzal boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligine badalga berler. Paýtagtymyza hem-de welaýatlarymyza wekilçilik edýän toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýän futzal çempionaty 27-nji iýuna çenli dowam eder. Çempionata gatnaşýan toparlar ilki toparçalaryň ikisinde bäsleşerler. Her toparçada ilkinji iki orny eýelänler ýarymfinalda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Çempionatyň oýunlary paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýaryşa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň toparlary gatnaşar. Balkan, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň toparlary "A" toparçada ýaryşsa, Lebap, Ahal welaýatlary we Aşgabat şäheri "B" toparçany emele getirer.

Şu gün "A" toparçada Balkan - Daşoguz, "B" toparçada Lebap - Aşgabat duşuşyklary geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň