Soňky habarlar

Arhiw

21-nji iýun - Halkara ýoga güni

09:5822.06.2019
0
1121

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda geçiren 69-njy sessiýasynda Hindistan Respublikasynyň Hormatly Premýer–Ministri jenap Narendra Modi Halkara ýoga gününi kabul etdi. Soňra 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda bolsa 193 döwletiň goldamagynda her ýylyň 21-nji iýunyny Halkara ýoga güni diýlip yglan edildi.
Ýoga — bu gadymy söz bolup, onuň manysy «birleşmek», «birikdirmek», «seplemek» diýmekligi aňladýar. Sportuň bu görnüşi ilkinji gezek gadymy hindi akyldary Patanjali tarapyndan esaslandyrylandyr.
Ýoga diňe Hindi medeniýetiniň aýratynlygy bolman, ol dünýäniň uly ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly ägirt meşhurlyga eýedir. 
Ýoga diňe keselleriň öňüni alman, eýsem, olary bejermekde hem orny uludyr. Çünki ýoga bedende deňagramlylygyň we çydamlylygyň döremegine ýardam edýär. Şeýle-de, içki agzalaryň işjeňliligini ýokarlandyryp, olaryň sazlaşykly işlemegine ýardam berýär.
Ýoga bilen yzygider meşgullanmak arkaly beýnide gan basyşy kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamyny berkidýär. Şeýle-de beden myşsasynyň çeýeligini artdyrýar.
Ýoga maşklary ýerine ýetirilende, dem alşy dogry ýerine ýetirmeli we herekete görä, ýerinde ulanmagy unutmaly däl. Bu bolsa, nerw ulgamynyň işleýşine aýratyn peýdalydyr. Ýoga maşklarynyň kesel bejerijilik häsiýeti bolup, bilde we döş kapasasynda döreýän dowamly agyrynyň hem-de oňurga gyşarmasynyň öňüni alýar. Hususan-da, ýoganyň asana görnüşi bedeniň içki agzalarynyň owkalanmagyna aýratyn täsirlidir. Bu bolsa, bedeniň işjeňligini gowulandyrýar. Şeýle-de, ýoga keýpiňi göterip, nerw ulgamy rahatlanýar, onuň dynç almagyny üpjün edýär. 
Ýoga maşklary depressiýanyň ýok bolmagyna, ukynyň kadalaşmagyna, beden ýadawlygynyň dowamly sindromynyň aýrylmagyna aýratyn täsirlidir. Günüň dowamynda 15 minutlap ýerine ýetirilen ýoga maşklary bedene rahatlyk hem sagdynlyk berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň