Türkmenistanda birinji synpa okuwa barýan körpelere öwrediji kompýuterler sowgat berler

05:4922.06.2019
0
13288

Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim, terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek we kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de ýurdumuzyň orta bilim berýän mekdeplerinde 2019-njy 2020-nji okuw ýylynda 1-nji synpa kabul edilýän okuwçylaryň öwrediji kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 80000 sany öwrediji kompýuteri satyn almak, 2019-njy ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralaryna gurnamak hem olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglanyşmaga, Türkmenistanda öndürilen 73885 sany öwrediji kompýuteri satyn almak 2019-njy ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hemem olara tehniki hyzmat etmek barada “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglanyşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň