22-nji iýun – Gaýtadan dikeldilýän Energiýanyň Bütindünýä güni

21:1421.06.2019
0
934

Şu ýyl 22-nji iýunda ilkinji gezek geçirilýän Gaýtadan dikeldilýän Energiýanyň Bütindünýä güni mynasybetli giňişleýin maglumat ýaýradyldy. Bu belli senede energiýanyň arassa çeşmelerinde gazanylan üstünlikler, onuň peýdalary barada maglumatlar ýaýradylar. Soňky ýyllarda global maýylganlyk we howanyň özgermegi bilen bagly göreşiň çäklerinde energiýanyň alternatiw çeşmelerine goýulýan maýa goýumlaryň mukdary artýar. Geçen ýyl dünýäde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň önümçilik kuwwaty 8 göterim (181 gigawatt) ýokarlanyp, 2 müň 378 gigawata ýetendigi habar berildi. 2018-nji ýylda bu pudakda 289 milliard dollar özleşdirilipdir. Pudakda 11 million adamyň zähmet çekýändigi mälim edildi. Alternatiw çeşmeleriň elektrik energiýasynyň önümçiligindäki paýy 26 göterime ýetipdir. 
Bütindünýä Gaýtadan dikeldilýän Energiýa güni bilen bagly ilkinji çäre BMG-niň Germaniýanyň Bonn şäherindäki edarasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň