“Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahat geçirildi

20:0821.06.2019
0
3480

20-nji iýunda Aşgabatda “Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahat geçirildi - diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň, Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň degişli edaralarynyň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň diplomatlary, bu ýurduň “Maritime” institutynyň wekilleri şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Geçirilen maslahatyň esasy maksady türkmen-koreý bilelikdäki ulag, logistika we deňiz portlaryny dolandyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmekden ybarat bolup durýar.

“Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahatda çykyş edenler türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi we şu güni barada gürrüň etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň