Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 3x3 basketbol boýunça Dünýä kubogyndaky çykyşyny tamamlady

15:1121.06.2019
0
6251

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Niderlandlar Patyşalygynyň paýtagty Amsterdamda 3x3 basketbol boýunça geçirilen dünýä çempionatyndaky çykyşyny tamamlady diýip, FIBA-nyň resmi saýty habar berýär. Dünýäniň iň güýçli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen ýaryş 23-nji iýunda tamamlanar.

Türkmen basketbolçylary soňky iki duşuşygynda Latwiýanyň ýygyndysyndan 5:21, Bengriýanyň ýygyndysyndan 7:18 hasabynda asgyn geldi. Biziň toparçamyzdan Hytaýyň we Wengriýanyň ýygyndylary ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.

Mundan ozal, has takygy, 18-nji iýunda türkmen basketbolçylarynyň Hytaýyň we ýer eýelriniň wekilleri bilen hem duşuşandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň