Soňky habarlar

Arhiw

13 minutda zarýad alýar

13:3221.06.2019
0
1241

Hytaýyň öňdebaryjy smartfon öndüriji kompaniýasy “Vivo” bary-ýogy 13 minutda zarýad alýan telefon öndürjekdigini habar berdi. Telefonyň 4.000 mAh kuwwatyndaky batareýasy 5 minutda 50 %, 13 minutda 100 % dolar. Şeýle hem kompaniýa 5G aýratynlygy bolan ilkinji smartfonyny hem tanyşdyrjakdygyny aýan etdi. Täze enjamlar 26-28-nji iýunda Hytaýyň Şanhaý şäherinde  geçiriljek “MWC 2019” halkara sergisinde köpçülige görkeziler. Täze halkara sergi merkezinde geçiriljek (New International Expo Centre) çäre mobil enjamlaryna bagyşlanan Aziýanyň iň iri gözden geçirilişi hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň