Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçileri aşhana plitalaryny öndürmegi meýilleşdirýär

11:4621.06.2019
0
7431

"Hojalyk harytlary" kompaniýasy öz kärhanasynda öndürilip başlanjak aşhana plitalarynyň görnüşlerini köpçülige görkezdi. Bu önümler Ýewropa tehnologiýasy bilen öndürilen parçalardan düzüler. Nusgalyk görnüşleriň arasynda gazyň gözüne uçgun beriji funksiýaly gaz plitalary, ojakly elektrik plitalary, şeýle hem ojak bilen kombinirlenen griller bar diýip, "Türkmenistan: Altyn Asyr" neşiri habar berýär.

Telekeçiler bir ýylyň dowamynda jemi alty müňe çenli gaz, elektrik we kombinirlenen plitalary öndürmegi maksat edinýärler. Bu önümleriň hili daşary ýurtlarda öndürilýän plitalaryň hilinden pes oturmaz diýlip garaşylýar.

Kärhanada diňe bir Türkiýedäki kärhanalardan satyn alnan parçalardan düzülen plitalaryň önümçiligi ýola goýulman, eýsem bu plitalar üçin zerur bolan ýerli parçalary öndürjek enjamlar hem oturdyldy. Şeýlelikde, plitalary düzmek üçin zerur bolan parçalaryň ýarysy kärhananyň özünde öndüriler.

Aşhana üçin gaz we elektrik plitalaryndan başga-da, bu kompaniýa öňümizdäki aýlarda aşhana howalandyryjy we tozan sorujy enjamlary öndürmegi maksat edinýär.

Bellik: Habaryň terjimesi "BT" saýtyna degişli

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň