Soňky habarlar

Arhiw

"Akylly Tilsimat" hojalyk jemgyýeti Aşgabatda "Bay.tm" programmasy bilen tanyşdyrar

00:4621.06.2019
0
8885

22-nji iýunda "Akylly Tilsimat" hojalyk jemgyýeti "Bay.tm" programmasyny ilkinji gezek köpçülige tanyşdyrar. Bu dabara "Berkarar" söwda-dynç alyş merkezinde geçiriler. 

Tanyşdyryş dabarasynyň sagat 18-de başlanmagyna garaşylýar. Ähli kişä açyk boljak dabara 2 sagatlap dowam eder. Şonuň üçin hem "Akylly Tilsimat" hojalyk jemgyýeti isleg bildiren her bir adamy bu dabara çagyrýar. Gatnaşyjylar iki sagadyň dowamynda "Bay.tm"-niň mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyş bolup bilerler. Hojalyk jemgyýeti täze programmasynyň üsti bilen telekeçilere öz önümlerini mahabatlandyrmaga-da giň mümkinçilik döreder. Telekeçiler onuň kömegi bilen özleriniň hemişleik müşderi goruny döredip bilerler.

Bu programma 2018-nji ýylyň dekabr aýynda doly işlenip düzülipdi. Ol dürli görnüşli bildirişleriň we mahabatlaryň mugt ýerleşdirilýän ýeridir. Onuň üsti bilen satyjylar we alyjylar biri-biri bilen habarlaşyp hem bilerler. "Bay.tm"-ni Google Play we AppStore-den ýükläp almak mümkindir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň