Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna dördünji torbadan gatnaşar

23:5520.06.2019
0
9332

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişliginiň torbalaryny mälim etdi. Ýeri gelende aýtsak, bije çekişligi 17-nji iýulda AFK-nyň merkezi edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy bije çekişlikde dördünji torbada ýerleşdirilipdir. Şeýle-de, Mýanmanyň, Gonkongyň, Ýemeniň, Owganystanyň, Maldiwleriň, Kuweýtiň hem-de Malaýziýanyň milli ýygyndylary hem dördünji torbadan ýer alypdyrlar.

Eýranyň, Günorta Koreýanyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Kataryň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň hem-de Hytaýyň milli ýygyndylary birinji torbany emele getiripdirler. Umumylykda, bije çekişlikde milli ýygyndylaryň 40-sy bäş torbada ýerleşdirilipdirler.

Bije çekişligiň netijesinde AFK-nyň çägine girýän ýygyndylaryň 40-sy toparçalaryň sekizisinde çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Iki aýlawdan ybarat boljak saýlama tapgyryna 2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda badalga berlip, 2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda jemlener. Toparçalaryň sekizisi bilen toparçalarda ikinji orunlary eýelänleriň dördüsi üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Üçünji tapgyra çykan milli ýygyndylaryň hemmesi-de 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Üçünji saýlama tapgyrda milli ýygyndylaryň 12-si iki toparçada bäsleşerler. Şonuň netijesinde her toparçada ilkinji iki orny eýelänler dünýä çempionatynyň final tapgyrynda çykyş ederler.

Üçünji saýlama tapgyryna çykyp bilmedik ýygyndylaryň 24-si Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşarlar. Bu oýunlarda Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk berýän petekleriň 12-si ugrunda göreşiler.

Bije çekişlige gatnaşýan ýygyndylaryň sanawy:

1-nji torba: Eýran, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Awstraliýa, Katar, BAE, Saud Arabystany, Hytaý.

2-nji torba: Yrak, Özbegistan, Siriýa, Oman, Liwan, Gyrgyz Respublikasy, Wýetnam, Iordaniýa.

3-nji torba: Palestina, Hindistan, Bahreýn, Taýland, Täjigistan,  Demirgazyk Koreýa, Hytaý Taýbeýi, Filippinler.

4-nji torba: TÜRKMENISTAN, Mýanma, Gonkong, Ýemen, Owganystan, Maldiwler, Kuweýt, Malaýziýa.

5-nji torba: Indoneziýa, Singapur, Nepal, Kamboja, Bangladeş, Mongoliýa, Guam, Makao – Şri-Lanka duşuşygynyň ýeňijisi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň