Kerki etrabynyň ekerançylary galla borçnamalaryna üstünlikli hötde geldiler

23:2620.06.2019
0
3959

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ekerançylary galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryna üstünlikli hötde geldiler - diýip, TDH habar berýär.

Etrabyň kärendeçileri 11 müň 443 gektardan 23 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaý ýygnadylar. Galla ýetişdirmek işiniň barşynda agrotehniki çäreleriň takyk ýerine ýetirilmegi, däne ýygnaýan hem-de ulag toplumynyň ähli düzümleriniň guramaçylykly işledilmegi gazanylan üstünligiň özenini düzdi.

Bugdaý oragynda kuwwatly oba hojalyk tehnikalary ulanyldy. Hususan-da, oragyň gyzgalaňly döwründe meýdanlarda däne orujy döwrebap kombaýnlaryň 28-si hem-de ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine daşaýan ulaglaryň 150-si gije-gündizleýin ýokary öndürijilikli işledildi. Tehnikalara hyzmat etmek, oraga gatnaşyjylaryň medeniýetli dynç almagyny üpjün etmek üçin hemme şertler döredildi.

Etrabyň daýhanlarynyň zähmet ýeňşine Osman Söhbedow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri has uly goşant goşdular. Bu ýerde kärendeçileriň 800-den gowragy güýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar.

2 müň gektardan gowrak ýere bugdaý ekilen meýdanda bitginli hasyl ýetişdirildi hem-de Watan harmanyna şertnamalaýyn borçnama boýunça 4 müň 590 tonna derek, 5 müň 680 tonnadan gowrak däne tabşyryldy. Munuň özi 1 müň 100 tonna barabar dänäniň meýilnamadan artyk tabşyrylandygyny aňladýar. Her gektaryň hasyllylygy 28 sentnere deň boldy.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän şu ýylyň galla oragy möwsüminiň iň oňat ussatlarynyň hatarynda tejribeli ekerançy A.Ärsaryýewiň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler topary hem bar. Bu topar öz üstüne alan borçnamasyny bir ýarym esse ýerine ýetirdi. Hojalygyň ençeme kärendeçileri ýokary hasyllylygy gazandy. S.Abdyllaýewa her gektardan ýokary hilli dänäniň 60 sentnerini almagy, M.Osmanowa hasyllylygy 53,5 sentnere ýetirmegi başardy.

«Hatap» daýhan birleşiginiň ýer eýeleri hem tapawutlandylar. Olar harmana 3,1 müň tonna däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň