ABŞ-nyň Ilçihanasy Ari Rolandyň jazz kwartetiniň tomusky konsertlerini garşylaýar

20:1220.06.2019
0
8632

ABŞ-nyň Ilçihanasy “Ari Roland Jazz Quartet ” amerikan jazz toparynyň Türkmenistana 26-njy iýun -3-nji iýul aralygynda birnäçe seminar we konsert geçirmek maksady bilen gelýändigini şatlyk bilen habar berýär.

1987-nji ýyldan şu güne çenli, bilelikde çykyş edýän bu kwartetiň sazy, Lui Armstrong, Dýuk Ellington, Çarli Parker we Dizzi Jillepsi ýaly amerikan jazz ussalaryndan ylham alýar. Kwartet 2007-nji ýyldan bäri, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldawy bilen, dünýäniň 140-dan gowrak döwletinde medeni alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşdy. “Ari Roland Jazz Quartet ”  2010-njy ýyldan şu wagta çenli Türkmenistana alty sapar edip, türkmen sazandalar bilen ençeme çykyş etdi we türkmen we amerikan sazlaryny öz içine alýan kompakt disk ýazdy.

Kwaretiň aşakdaky agzalary Türkmenistana sapar bilen gelerler:

1. Jenap Ari Roland (kontrabas)

2. Jenap Zaýd Nassar (alt-saksofon)

3. Jenap Kris Baýars (tenor-saksofon)

4. Jenap Kit Balla (deprek)

Türkmenistanda saz topary Maryda, Türkmenabatda we Aşgabatda üç konsertde we Aşgabatdaky Amerikan merkezinde amerikan jazz sazynyň prezentasiýasynda çykyş eder. Aşgabatdaky konsertde “Ari Roland Jazz Quartet ” toparynyň türkmen sazandalar bilen bilelikdäky çykyşy ýer alyp, amerikan jazz sazynyň we türkmen sazynyň garyşymy ýaňlanar. Bu konsertler hemmeler üçin açyk we tölegsiz. Her konserte gatnaşyjylaryň sany, her teatryň orun sanyna bagly bolar.

Konsertleriň ýeri we wagty:

Mary – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda konsert

Mollanepes köç., Мary, Мary welaýaty, 745400

Penşenbe, 27-nji iýun, 18:30.

 

Türkmenabat – Lebap welaýatynyň S. Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda konsert

Bitarap Türkmenistan şaýoly, Тürkmenabat, Lebap welaýaty, 746100

Anna, 28-nji iýun, 18:30.

 

Aşgabat – Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkezinde “Şöhle” saz topary bilen bilelikdäki konsert

10 ýyl Abadançylyk (1945) şaýoly, Aşgabat, 744017

Ýekşenbe, 30-njy iýun, 18:00.

 

Aşgabat – Amerikan jazz sazynyň Amerikan merkezinde prezentasiýasy

Andalyp (1958) köçesiniň 70-nji jaýy, Söwda merkeziniň 3-nji gaty, Aşgabat, Тürkmenistan, 744000

Duşenbe, 1-nji iýul, 16:30.

 

Aşgabat – “Weranda” restoranda jazz jam session

“Rysgal” söwda-dynç alyş merkeziniň 3-nji gaty, Aşgabat, Türkmenistan, 744000 (644-644 nomeri boýunça rezerwasiýa etmegiňiz maslahat berilýär)

Duşenbe, 1-nji iýul, 19:30.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň