Altymyrat Annadurdyýew: "Ýeňşe bolan yhlasymyz ilkinji minutlardan özüni görkezdi"

19:4820.06.2019
0
5300

AFK-nyň kubogy - 2019-yň çägindäki "Altyn asyr" - "Dordoý" (3:1) duşuşygynyň iň gowy futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

– Altymyrat, gazanylan ýeňiş barada näme aýdyp bilersiňiz?

– Ýeňşe bolan yhlasymyz eýýäm ilkinji minutlardan özüni görkezdimikä diýýärin. Ýeňiş gazanmak hemişe ýakymly. Biz ählisini başardyk..

– Siz özüňiziň "Duşuşygyň iň gowy oýunçysy" diýlip ygaln edilmegiňiz bilen ylalaşýarsyňyzmy?

– Meniň pikirimçe, tutuş toparymyz gowy oýnady.

– Geçiren pökgiňiz barada öz agzyňyzdan hem eşidäýsek.

–Men "Dordoýyň" derwezeçisiniň derwezeden uzakda duranyny gördüm. Goragçy kellesi bilen gowşak oýnady, pökgi bolsa meniň öňüme geldi. Derwezeçi derwezä çekilip ýetişmänkä, men pökgini gönükdirdim we hasap açyldy.

– Sizi meýdandan götergiç bilen çykardylar. Şikesiňiz agyrmy?

– Ýok, maňa, aslynda, how çalşygy täsir etdi. Yssydan ýaňa biraz özümi ýitirdim. Häzir men juda sagdyn, ähli zat ýerbe-ýer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň