Iň kiçi telefon satuwa çykaryldy

18:0920.06.2019
0
2685

Ululygy bank kartynyňka barabar el telefony ABŞ-da 350 dollardan satuwa çykaryldy. Häzirki wagtda smartfonlaryň köp böleginiň 6 dýuýmdan uludygy bellärliklidir. “Palm” atly enjam “android” amaly ulgamynda işleýär. Telefon “android”-e degişli ähli programmalary işledip bilýär. Şeýle hem “Wi-Fi” we LTE aýratynlyklary bar. Smartfony çykaran şereketiň saýtynda bu telefonyň ylgamagy, welosiped sürmegi we maşk etmegi halaýanlar üçin örän amatlydygy bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň