Ýazguly Hojageldiýew: "Yssy howada oýnamak kyn boldy, ýöne oglanlara berekella!"

16:0520.06.2019
0
4218

AFK-nyň kubogy - 2019-yň bäşinji duşuşygyndan soňra geçirilen metbugat maslahatynda "Altyn asyryň" baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew duşuşyk baradaky pikirlerini beýan etdi. Žurnalistleriň sowallary, esasan, 3:1 hasabyndaky ýeňiş bilen tamamlanan duşuşyk we öňde "Istiklol" bilen boljak duşuşyk barada boldy. 

– Ýeňiş bilen gutlaýarys! "Hujandyň" hem öz meýdanynda "Istikloly" ýeňmegi bilen, "Altyn asyr" toparçada birinji orna çykdy. Häzir pleý-offa çykmak mümkinçiligi Türkmenistanyň çempionynyň öz elinde ýaly görünýär.

– Bu ýagdaý birinji gezek bolanok. Biz "Dordoý" bilen boljak duşuşyga taýýarlanýarkak, netije bilen gyzyklanmadyk. Yssy howada oýnamak örän kyn boldy, ýöne oglanlar, bekerella, oýna ünsi gowşatman, ýeňiş gazanmagy başardylar.

– Eýýäm ilkinji minutlarda "Altyn asyr" myhmanlaryň derwezesiniň golaýynda howply pursatlary döretdi. Bu öňden meýilleşdirilen oýun usulymydy? 

– Ýok, bu beýle däl. Esasy maksat oýnuň gidişini öz elimizde saklamakdy. Muny başardyk diýip pikir edýärin. Güýçli basyş myhman topara öz täsirini ýetiren bolsa gerek. 

– "Altyn asyr" häzir toparçanyň ýeke-täk lideri, ýöne siziň ýüzüňizde munuň şatlygy görünmeýär. Belki, gyzgyn howa täsir edýändir.

– Üstesine, kyn geçen oýnuň ýadawlygam bar diýip bileris. Hakykatdan-da, yssy howada dem almak hem kyn.

– "Altyn asyryň" bir futbolçysy meýdandan götergiç bilen çykaryldy. Onuň şikesiniň ýagdaýy näderejede?

– Bu şikes sebäpli däl, howa sebäpli. Ol - ýaş oýunçy, dartgynly ýagdaýlar we howa sebäpli şeýle ýagdaýa düşdi. Emma saglygy gowy. Indiki duşuşyga hem gatnaşyp biler.

– "Istiklol" bilen boljak duşuşyga nähili taýýarlanmagy meýilleşdirýärsiňiz?

– Biziň öňümizde ýene bir hepde bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň