ABŞ-nyň Ilçihanasy her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişini “Apollo-11” missiýasynyň 50 ýyllyk senesine bagyşlady

13:1920.06.2019
0
5413

16-njy iýunda ABŞ-nyň Ilçihanasy her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişini tamamlady. Türkmenabat, Mary, Aşgabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlriniň kinoteatrlarynda görkezişlere 4500-den gowrak tomaşaçy gatnaşdy. Tomusky filmler görkezilişi 1-16 iýunyň aralagynda geçirildi we kosmos barada üç täze amerikan blokbasterini tomaşaçylara hödürledi. Filmler “Apollo-11”missiýasynyň 50 ýyllyk senesi mynasybetli saýlandylar. Görkezişler “Kosmosy öwrenmegiň taryhy we ylmy” atly surat sergisi bilen bilelikde geçirildiler.

Ilçiniň orunbasary Endrea Brullett-Rodriges şeýle diýdi: « Daşary işler ministrligine, Medeniýet ministrligine we “Aşgabat” kinoteatrynyň işgärlerine bu filmler görkezilişiniň üstünlikli geçmesi üçin eden  ýardamlary üçin minnetdarlyk bildirýäris. Ýylda iki gezek geçirilýän bu filmler görkezilişleri ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihnanasynyň hödürleýän ençeme medeni maksatnamalarynyň diňe biridir».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň