Soňky habarlar

Arhiw

Messi we ýoldaşlary ýene-de ýeňip bilmedi

10:4220.06.2019
0
968

Braziliýada dowam edýän Kopa Amerika ýaryşynda çempionatyň faworitlerinden Messili Argentina ýene-de ýeňiş gazanyp bilmedi. 1-nji duşuşygynda Kolumbiýadan 2-0 asgyn gelen Messi we ýoldaşlaryna 2-nji duşuşygynda-da 3 utuk almak başartmady. Paragwaý bilen 1-1 deňme-deň oýnan Argentina toparçada 4-nji hatarda barýar. Oýnuň 37-nji minutynda Riçard Sançes Paragwaýy 1-0 öňe saýlady. 57-nji minutda penaltini takyk uran Lionel Messi hasaby deňledi. 62-nji minutda emin bu gezek Paragwaýyň peýdasyna penalti belledi. Ýöne Derlis Gonzales topy dürs urup bilmedi. Şeýlelikde, duşuşyk 1-1 deňlikde tamamlandy. Messi we ýoldaşlarynyň toparçada 2-nji, uly hasaply ýeňiş gazanyp, iň bolmanda 3-nji ýeri eýelemek we ýaryşy dowam etdirmäge mümkinçilikleri bar. Tangoçylaryň 3-nji duşuşygy Katar bilen bolar. Kataryň ýygyndysy toparçadaky 2-nji oýnunda Kolumbiýadan 1-0 asgyn geldi. Kolumbiýa ýeňiş getiren goly 86-njy minutda Duwan Zapata derwezä girizdi. Mälim bolşy ýaly ol Argentina bilen bolan oýnunda-da 86-njy minutda tapawutlanypdy. Bu netijelerden soň, Kolumbiýa toparçada 1-nji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň