Soňky habarlar

Arhiw

Milan täze tälimçisini habar berdi

10:4120.06.2019
0
708

Italiýanyň Milan topary ahyry täze tälimçisini jar etdi. Italýan topary Jennara Gattusonyň ornuna 3 ýyldan bäri Sampdoriýa tälim berip gelýän Marko Jampaolony wezipä belledi. Topar 51 ýaşyndaky tälimçi bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Şweýsariýada doglan italiýaly tälimçi Sampdoriýadan ozal, Empoli, Kremonese, Breşiýa, Çesena, Kataniýa, Siena, Kaliari, Askoli ýaly klublara tälim beripdi. Milan topary golaýda ozalky ýyldyzlary Paolo Maldinini toparyň sport direktory, Zwonomir Bobany-da futbol bölüminiň başlygy wezipelerine belläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň