Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: "Istiklol" bassyr ikinji duşuşykda utuldy

10:3120.06.2019
0
641

AFK-nyň kubogy - 2019 halkara ýaryşynyň "D" toparçasynda "Altyn asyr" - "Dordoý" duşuşygy bilen ugurdaşlykda toparçadaky beýleki garşydaşlarymyz Täjigistanyň "Hujand" hem-de "Istiklol" toparlary hem duşuşdylar. Hujand şäherindäki "Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy" stadionynda geçirilen duşuşykda "Istiklol" bassyr ikinji gezek ýeňildi. Duşuşyk 3:2 hasabynda "Hujandyň" ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda ýer eýeleriniň pökgülerini 4-nji minutda Jahongir Ergaşew, 40-njy minutda Tursunaly Rustamow, 72-nji minutda Dilşod Wasiýew geçirdi. "istiklolyň" adyndan bolsa 30-njy minutda jalil Kimsanow bilen 64-nji minutda Ehsoni Panşenbe tapawutlandy.

"Altyn asyryň" hem "Dordoýy" ýeňmegi bilen toparçadaky bäsdeşlik güýçlendi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň hem aýdyşy ýaly, toparçanyň ýeňijisi iň soňky tapgyrda belli bolar. Häzir bu sepgide üç topar ýakyn. Yzda galan 5 tapgyrdan soňra "Altyn asyrda" 9, "Istiklol" bilen "Hujandda" 7 utuk bar. 4 utukda galan "Dordoý" bolsa bu ýyl hem ýaryşy dowam etdirmäge bolan mümkinçiligini ýitirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň