Soňky habarlar

Arhiw

"Ýylyň talyby - 2019" bäsleşigi geçirildi

10:0720.06.2019
0
3391

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň talyby» atly bäsleşigiň jemi jemlendi. Her ýyl ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikde talyp ýaşlar üç şert boýunça bäsleşdiler. Onuň birinji şertinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyp ýaşlar ylmy döredijilik bäsleşiklerine gatnaşmak, baýrakly orunlara mynasyp bolmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde  çykyş etmek, jemgyýetçilik guramalarynyň işine, ylmy-amaly maslahatlara, sport, medeni çärelere işjeň gatnaşmak boýunça tejribelerini görkezdiler, şeýle-de, informatika dersinden taýýarlanan test görnüşindäki sowallara jogap berdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertinde oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda üç ýalňyş, bir dogry jogap ýerleşdirilen test görnüşindäki sowallaryň 50-si hödürlendi. Ylymdan ýüki ýetik talyp ýaşlar üçin bäsleşigiň bu şerti kyn düşmedi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlar daşary ýurt dilinden taýýarlanan sowallara jogap bermek hem-de medeniýete, sungata başarnygyny açyp görkezmek, erkin döredijilik boýunça bäsleşdiler.
Eminler toparynyň gutarnykly netijesi boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Şasenem Kenermämmedowa «Ýylyň talyby» diýlip yglan edildi. Bäsleşikde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Esen Hojagulyýew birinji, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Maýsa Şükürowa ikinji, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Baýmyrat Çaryýew üçünji orna mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň