Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

07:4020.06.2019
0
8336

17-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi diýlip, Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi internet saýtynda aýdylýar.

Türkmenistan häzirki döwürde migrasiýa boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barýar. Şol sanda Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň agzasy bolmak bilen dürli ugurlarda wajyp meseleler babatynda bu gurama bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlygy amala aşyryp gelýär.

Duşuşygyň dowamynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekili bilen bilelikde halkara migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşylyp, olaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň giňeýändigi barada aýdyp, migrasiýa babatda gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ugrunda degişli işleriň alnyp baryljakdygyny bellediler.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy 2003-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş döwlet gullugy ady bilen döredildi. 2008-nji ýylyň aprelinde gullugyň ady Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy diýlip üýtgedildi. Bu gulluk Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyny düzgünleşdirmek, migrasiýa babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän döwlet dolandyryş gullugy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň