Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada geçiriljek sergilere görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

07:3320.06.2019
0
5189
Türkmenistanyň Prezidenti Awazada geçiriljek sergilere görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

19-njy iýunda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiriljek “Hazar innowasion tehnologiýalar” we Türkmen sährasy—2019” halkara sergileriniň ýerleri bilen tanyşdy.

Bellenilişi ýaly, Hazaryň innowasion tehnologiýalar sergisinde Türkmenistanyň sergi bölümi 880 inedördül metr meýdanda ýerleşer, daşary ýurt kompaniýalary üçin jemi 1332 inedördül metr bölünip berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylym we tehnologiýalar ulgamynda soňky işläp taýýarlamalar, ýurdumyzda durmuşa geçirilen hem-de geljege niýetlenen, şol sanda ýokary tehnologiýaly önümleri çykarýan häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça meýilleşdirilen innowasion taslamalar görkeziljek bu sergi bezelende, innowasion çözgütler ulanylmalydyr.

Şunuň bilen bir hatarda, türkmen sergi bölümi ajaýyp bezelişi, milli öwüşgüni bilen tapawutlanmalydyr, başgaça aýdylanda, halkymyzyň häzirki zaman gazananlarynyň we özboluşly däpleriniň, onuň medeni mirasynyň, yzygiderli ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň, köptaraply halkara hyzmatdaşlyga tarap ýörelgäniň jemlenen keşbine öwrülmelidir.

Milli Liderimiz Hazar sebitiniň ýurtlarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki gatnaşyklaryny ösdürmegi babatda geçiriljek forumyň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtap, forumda işewür toparlaryň wekilleriniň duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmekleri, tejribe alyşmaklary, täze taslamalary we başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmaklary üçin oňaýly meýdança döretmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňki döwürde çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurdumyzyň üstaşyr-ulag mümkinçiligini görkezmäge niýetlenen “Türkmen sährasy – 2019” halkara awtoserginiň geçiriljek ýerine bardy. Täze taryhy eýýamda Türkmenistan ençeme asyrlaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran ady rowaýata öwrülen bu ýoly işjeň täzeden dikeldip, “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” transkontinental ulag geçelgelerini gurmak bilen, awtomobil we demir ýol, howa we deňiz ýol ugurlarynyň ulgamyny giňeldýär.

Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty, ulag düzümini ösdürmek boýunça görülýän çäreler ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçili tarapyndan giň goldawa eýe bolan durnukly ulag ulgamy, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek baradaky başlangyjyny öňe ilerletmäge gönüden-göni ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Häzir Türkmenbaşy şäheri halkara ähmiýetli üstaşyr-ulag halkasyna, wekilçilikli maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi, ýurdumyzyň işewür we medeni durmuşynda onuň eýeleýän orny artýar. Şäheriň aýratyn ykdysady, syýahatçylyk derejesi täze iri möçberli wezipeleri şertlendirýär. Şol wezipeleriň çözülmegine köp babatda özgertmeleriň hem-de umumymilli maksatnamalaryň üstünligi baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň