Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenhowaýollary" özüniň awiaparkynyň üstüni “Boeing 777-200LR” uçarynyň ýene biri bilen ýetirer

23:0519.06.2019
0
9317

“Boeing” kompaniýasynyň metbugat beýanatynda berlen maglumata görä, “Türkmenhowaýollary” agentligi uzak aralyga syýahat etmek üçin niýetlenen “Boeing 777-200LR” kysymly uçarlaryň ýene birini sargyt eder. Häzirki wagtda şeýle uçarlaryň üçüsine eýe bolan agentligiň kompaniýa bilen bahasy 350 million dollara golaý şertnama baglaşmagyna garaşylýar - diýip, "Biznes Türkmenistan" saýty ýazýar.

Dünýä ýüzündäki islendik iki şäher arasynda durman uçmaga ukyply bolan “Boeing 777-200LR” 317 ýolagçyny gatnadyp bilýär. Uçuş aralygy bolsa 15 müň kilometrden gowrak.

Bu uçar “Türkmenhowaýollary” agentliginiň düzümindäki “Boeing” kysymly uçarlaryň 32-njisi bolar.

“Boeing” kompaniýasynyň satuw we marketing işlerinden jogapkär ýolbaşçysy Ihsan Munir “Türkmenhowaýollary” bilen 1992-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk alyp barýandyklaryny belläp, agentligiň “Boeing” uçarlaryna bolan ynamynyň özleri üçin abraýdygyny aýtdy.  

Dolandyryş merkezi Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Türkmenhowaýollary” agentligi Türkmenistanyň ýolagçy we ýük daşamak boýunça milli kompaniýasydyr. Awiakompaniýa esasan hem Aşgabat Halkara howa menzilinden ýerli we daşary ýurt ugurlary boýunça ýolagçy gatnadýar we ýük daşaýar. Kompaniýa ýerli ugurlar boýunça her gün 5 müňden gowrak, ýylyň dowamynda bolsa içerki we daşary ýurt gatnawlary boýunça 3 milliondan gowrak ýolagçy gatnadýar. Awiakompaniýanyň düzümi “Boeing" 737, 757, 777 we ýük daşaýan “Il-76” ýaly döwrebap uçarlar bilen üpjün edilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň