Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda kitap sergisi geçirildi

16:0819.06.2019
0
759

Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan “Medeniýet galkynýar-Arkadag bilen” atly Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy we kitap sergisi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirildi.

Bu sergi tematik taýdan dürli ugurlary öz içine aldy. Baý taryhymyza, milli ýörelgämize degişli kitaplar uly gyzyklanma döretdi. Ýurdumuzyň içeri we daşary syýasatyny, ylym-bilim, binagärlik, syýahatçylyk, sport ýaly ulgamlarda ýetilen belent sepgitleri şöhlelendirýän kitaplar serginiň ähmiýetini has artdyrdy. Sergide wakalary okyjylara dessin ýetirmekde ähmiýeti uly bolan döwürleýin metbugatyň könelmejek makalalary ýerleşdirildi.

Sergi bilen ugurdaş kitaphananyň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Maslahatda kitaphanaçylar, žurnalistler, döredijilik we ylym işgärleri çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň