Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepe etrabynyň gallaçylary borçnamany berjaý etdiler

11:2019.06.2019
0
992

Gökdepe etrabynyň ussat gallaçylary ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar galla kabul ediş kärhanalaryna guşgursak ak bugdaýyň 25 müň 100 tonnasyna derek 25 müň 200 tonnadan gowragyny tabşyryp, bu babatdaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda artygy bilen berjaý etdiler - diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Öňdebaryjy hojalyklaryň arasynda «Ýandaklyagyz», «Üzümçilik», «Hurmantgökje», «Gökdepe», «Yzgant» daýhan birleşiklerini görkezmek bolar. «Ýandaklyagyz» daýhan birleşiginiň görkezijileri has-da guwandyryjydyr. Hojalygyň gallaçylary üstümizdäki ýylyň hasyly üçin 340 gektar meýdanda guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek bilen, döwlet harmanyna gallanyň 705 tonnasyna derek 860 tonnadan gowragyny tabşyryp, meýilnamany 122 göterimden geçirip berjaý etdiler.

Etrabyň «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň gallaçylary 1611 tonnadan, «Hurmantgökje» daýhan birleşiginiň kärendeçileri 1855 tonnadan, «Yzgant» daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri 1630 tonnadan gowrak ak bugdaýy taýýarlap, etrabyň umumy üstünligine goşantlaryny goşdular. Gazanylan üstünlikde etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kombaýnçysy Orazmyrat Mämmedowyň, awtoulag sürüjisi Baýramgeldi Şirliýewiň mynasyp paýy bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň