Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: şu gün ýubileý duşuşyk geçiriler

10:4719.06.2019
0
780

Şu gün "Köpetdag" stadionynda "Altyn asyr" bilen "Dordoýyň" arasynda geçiriljek duşuşyk türkmen toparlarynyň AFK-nyň kubogyndaky 90-njy duşuşygy bolar. "Altyn asyryň" futbolçylary ýubileý duşuşygy ýeňiş bilen bezemäge synanyşarlar.

Yzda galan 89 duşuşykda türkmen toparlary 29 ýeňiş gazandylar. Diýmek, şu gün ýeňiş gazanylsa, bu ýeňiş biziň toparlarymyzyň 30-njy - ýubileý ýeňşi bolar. Ýaryşa 2004-nji ýyldan bäri arakesmeler bilen gatnaşan toparlarymyzyň garşydaş derwezelere 118 pökgi geçirendigini hem ýatladýarys.

Yklym ýaryşyna gatnaşyp gelýän 15 ýyllyk taryhymyzda biziň toparlarymyz 14 döwletiň wekilleri bilen duşuşdylar. Duşuşyklaryň 16-sy Gyrgyz Respublikasynyň, 15-si Täjigistanyň wekilleri bilen geçirildi. Şeýle hem Liwanyň wekilleri bilen 11, Iordaniýanyň toparlary bilen 10, Bangladeşiň we Hindistanyň toparlary bilen 6, Omanyň toparlary bilen 5, ýemeniň, Bahreýniň toparlary bilen 4, Siriýanyň, Yragyň wekilleri bilen 3, Kuweýtiň, KHDR-nyň toparlary bilen 2 duşuşyk geçirildi. Iki duşuşygy bolsa ýurdumyzyň toparlary biri-biri bilen geçirdiler. Has takygy, "Altyn asyr" bilen "Ahalyň" geçen ýyl bir toparçada ýaryşandygy ildeşlerimiziň ýadyndadyr.

15 ýyllyk taryhda yklym ýaryşyna "Nebitçi" bilen "Altyn asyr" 5, "Ahal" 3, "Nisa" bilen HTTU 2, "Merw" bolsa bir gezek gatnaşdy.

Yklym ýaryşynda biziň toparlarymyz bilen iň köp duşuşan garşydaşlar Täjigistanyň "istiklol", Gyrgyz Respublikasynyň "Alaý" we "Dordoý" toparlarydyr. Henize çenli "Istiklol" bilen 9 duşuşyk geçirildi. Şu günki duşuşyk biziň toparlarymyzyň "Dordoý" bilen hem 9-njy oýny bolar. "Alaý" bilen özara 8 duşuşygymyz bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň