Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: "Ahal" 220-nji ýeňşini gazandy

10:0419.06.2019
0
923

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 13-nji tapgyrynyň çäginde "Ahal" Mary şäherinde ýerli "Merwi" 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 25 ýaşly hüjümçi Didar Durdyýew geçirdi.

Bu duşuşyk Ýokary ligada arakesmeler bilen 19 möwsüm çykyş eden "Ahalyň" 220-nji ýeňşidir. "Ahal" bu utuklary 571 duşuşykda gazandy.

Toparyň ýeňişleriniň 100-den gowragy soňky 6 möwsüme degişlidir. Has takygy, 2014-nji ýyly 28 pökgi bilen tamamlanan topar 2015-nji ýylda 16, 2016-njy ýylda 18, 2017-nji ýylda 22, 2018-nji ýylda 18 ýeňiş gazandy. Toparda şu ýyl 6 ýeňiş bar.

"Ahal" Ýokary liganyň taryhynda iň köp ýeňiş gazanan toparlaryň arasynda 6-njy orny eýeleýär. Bu sanawyň ilkinji bäşligini 445 ýeňiş bilen "Nebitçi", 323 ýeňiş bilen "Merw", 294 ýeňiş bilen "Şagadam" (toparyň Ýokary liganyň ilkinji iki möwsüminde "Hazar" ady bilen çykyş edendigini ýatladýarys), 286 ýeňiş bilen "Köpetdag" we 227 ýeňiş bilen "Nisa" emele getirýär. Maglumatlardan hem görnüşi ýaly, "Ahalda" şu ýyl ilkinji bäşlige girmäge mümkinçilik bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň