Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň küştçüleri Daşkentde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşarlar

07:3419.06.2019
0
857

Türkmenistanly ýaş küştçüler Özbegistanyň Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek Aziýanyň birinjiligine gatnaşmaga ugradylar.

Olaryň hatarynda gyzlaryň arasynda dünýäniň çempiony Annagözel Mekanowa (tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowa), Aziýanyň çempiony Azat Nurmämmedow (tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew) hem-de Lola Şöhradowa dagylar bar.

Ýygyndy topara S.Annaberdiýew ýolbaşçylyk edýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň