Archive news

3x3 basketbol, Dünýä kubogy: Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Hytaýyň we Niderlandlar Patyşalygynyň basketbolçylaryndan ýeňildiler

00:3819.06.2019
0
2304
3x3 basketbol, Dünýä kubogy: Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Hytaýyň we Niderlandlar Patyşalygynyň basketbolçylaryndan ýeňildiler

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 3x3 basketbol boýunça Dünýä kubogyndaky ilkinji duşuşyklaryny geçirdi diýip, FIBA-nyň resmi saýty habar berýär. Dünýä kubogynyň Niderlandlar Patyşalygynyň paýtagty Amsterdamda geçirilýändigini ýatladýarys.

Aýna Gökowadan, Leýla Halylowadan, Nigýara Nagiýewadan we Wiktoriýa Rahmanowadan ybarat ýygyndymyz Dünýä kubogyndaky ilkinji duşuşygyny Hytaýyň ýygyndysy bilen geçirip, garşydaşlaryndan 5:22 hasabynda ýeňildiler. Ýer eýeleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşyk hem 11:17 hasabynda garşydaşlaryň peýdasyna tamamlandy. 20-nji iýunda milli ýygyndymyz Latwiýanyň we Bengriýanyň basketbolçylary bilen duşuşar. 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň