Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ÝHHG-nyň KHBS-ň meseleleri boýunça seminary başlady

17:3918.06.2019
0
3731

18-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygynyň kämilleşmeginde hem-de KHBS ulgamyndaky reformalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk» atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän KHBS-ň syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady - diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Geçirilýän seminaryň işine halkara bilermenleri hökmünde Russiýa Federasiýasynyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.      

Seminaryň maksady halkara standartlaryna we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösüş talaplaryna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy ulgamyndaky usullaryň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň alyşylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň