Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyr" gök, "Dordoý" ak köýnekçede çykyş eder

12:5618.06.2019
0
5005

Şu gün "Arçabil" myhmanhanasynda AFK-nyň we ertir - 19-njy iýunda geçiriljek "Altyn asyr" - "Dordoý" duşuşygynyň jogapkär wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onda duşuşygyň guramaçylyk meselelerine seredildi diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda ertirki oýunda toparlaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. “Altyn Asyr” topary ýer eýesi hökmünde gök, “Dordoý” topary bolsa ak köýnekçede çykyş eder.

Ýygnanyşygyň yzysüresi “Altyn Asyryň” baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew hem-de “Dordoýyň” baş tälimçisi Aleksandr Krestininiň gatnaşmagynda metbugat ýygnanyşygy geçirildi. Onuň dowamynda baş tälimçiler köpsanly sport žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.

Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bäşinji tapgyrynyň çäginde “Altyn Asyr” gyrgyzlaryň “Dordoý” toparyny kabul eder. 19-njy iýunda boljak bu duşuşyk paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 19:00-da başlanar. Bu toparlaryň arasynda Bişkek şäherinde geçirilen birinji tapgyryň çägindäki duşuşygyň 1:1 hasabynda tamamlanandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň