Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: 13-nji tapgyr - "Ahal" 220-nji ýeňşiň ugrunda

12:1018.06.2019
0
655

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Mary şäherindäki Sport toplumynda Ýokary liganyň 13-nji tapgyrynyň çägindäki "Merw" - "Ahal" duşuşygy geçiriler. Sagat 18:15-de başlanjak duşuşyga Resul Mämmedow eminlik eder.

Häzir ýaryş tertibinde "Ahal" üçünji, "Merw" sekizinji orny eýeleýär. Bu toparlaryň birinjisiniň 21, ikinjisiniň bolsa bary-ýogy 6 utugy bar. Möwsümiň ilkinji alty tapgyrynda utuk ýitirmän, janköýerlerini ilkinji çempionlyga höweslendiren hem bolsa, "Ahal" häzir üçünji orna çenli geldi. "Merw" bolsa taryhyndaky iň erbet möwsümleriniň birini geçirip, janköýerlerini gynandyrýar.

Bu günki ýeňiş "Ahaly" ýaryşyň ikinji ornuna çykaryp biler. Topar häzir edil özi ýaly 12 duşuşyk geçiren "Altyn asyrdan" 2 utuk az toplady. "Merw" bolsa ýeňiş gazanan ýagdaýynda ýedinji orundaky "Nebitçi" bilen aralygy 3 utuga çenli ýygrar. Deňlik iki topar üçin hem bähbitli däl.

Duşuşykda "Merw" myhman toparyň derwezesine, iň bolmanda, ýekeje pökgi geçirip bilse, onda bu pökgi toparyň şu möwsümdäki 10-njy goly bolar. Eger "Ahal" ýer eýeleriniň derwezesine birden artyk gol geçirse, "Merw" "Köpetdagdan" soňra şu möwsümde öz derwezesinde 20 gol gören ikinji topar bolar.

Şu duşuşykda gazanyljak ýeňiş "Ahalyň" Ýokary ligadaky 220-nji ýeňşi bolar. Ýeri gelende aýtsak, "Ahal" ligada 19-njy möwsümini geçirýär. Topar häzir çempionatda iň köp ýeňiş gazanan toparlaryň sanawynda 6-njy orny eýeleýär. 5-nji orundaky "Nisa" Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda 227 ýeňiş gazanypdy.

Iki toparyň arasynda birinji aýlawda (6-njy tapgyr) Aşgabatda geçirilen duşuşyk "Ahalyň" 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Şol ýeňiş "Ahalyň" şu möwsümde gazanan iň soňky ýeňşidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň