Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow "Altyn täç" çagalar futbol toparynyň türgenleşiklerine gatnaşdy

01:0218.06.2019
0
10308

Surat: «Altyn Tach».

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Aşgabatda "Altyn täç" çagalar futbol toparynyň türgenleşiklerine gatnaşdy.

Tanyşlyk saparynyň çäginde tejribeli futbolçy toparda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, ýaş futbolçylara Bolgariýada geçiriljek halkara ýaryşda üstünlik arzuw etdi. Ýeri gelende, bu toparyň Türkiýäniň Alanýa şäherinde geçirilen "Turkish Holidays 2019" halkara ýaryşynda hem üstünlikli çykyş edendigini nygtamak gerek. Topara "Ahal", "Hazyna", "Aşgabat" ýaly toparlarda tejribe toplan tälimçi Ahmet Agamyradow tälim berýär.

Çehiýada 2014-nji ýyldan bäri çykyş edýän Ruslan Mingazow "Ýablones", "Slawiýa", "Mladu-Boleslaw", "Prşibram" ýaly toparlaryň üstünlikleri üçin göreşdi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň