Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi

22:4617.06.2019
0
20225

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi diýip, "Watan" habarlar gepleşigi habar berýär. Bu wezipä geçmegi bilen ol, welaýat häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Serdar Berdimuhamedow başarjaň ýolbaşçy hökmünde soňky ýyllarda özüne ynanylan wezipeleriň ählisinde uly hormatdan peýdalanyp zähmet çekdi. 38 ýaşly S.Berdimuhamedow hünäri boýunça hem oba hojalykçydyr. Ol 2001-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady.

Ol 2011-nji ýylda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasyny, şondan iki ýyl soňra Ženewanyň syýasy howpsuzlyk merkeziniň ýörite maksatnamasyny üstünlikli tamamlap, halkara gatnaşyklary boýunça hünärmen - diplomat bolup ýetişdi. Ol diplomatika boýunça ukybyny we başarjaňlygyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde işlän ýyllarynda hem görkezdi.

Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar aýynda Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň