Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

17:3417.06.2019
0
4966

16-njy iýunda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň öňüsyrasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary guramasynda duşuşyk geçirilip, onda iki dostlukly döwletiň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň şu güni hemde onuň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy başlandy. Dabara Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaň­lanmagy bilen başlandy. Açylyş dabarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary guramasynyň ýolbaşçysy Abuzar Ebrahimi Torkaman we Türkmenistanyň medeniýet ministri çykyş edip, häzirki medeni çäräniň hoşniýetli goň­şuçylyk gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän taryhyna eýe bolan türkmen hem-de eýran halklarynyň dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendigini nygtadylar. Iki ýarym sagat töweregi dowam eden çykyşlarda Watan, milli Liderimiz, söýgi hakdaky aýdymlar, milli sazlardyr tanslar ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň EYR-daky Medeniýet günleriniň çäklerinde Tähran şäheriniň «Niýawaran» medeniýet köşgünde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we türkmen saz gurallarynyň, şeýle-de, muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylyş dabarasy hem geçirildi. Tähranlylar we onuň myhmanlary amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň — miniatýuraçylaryň, haşamlaýjylaryň, halyçylaryň, agaç ussalarynyň işleri bilen tanyşdylar.

Agşamlyk Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet we yslam işleri ministri Seýid Abbas Salihi bilen Türkmenistanyň medeniýet ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň degişli ministrlikleriniň arasynda medeniýet ulgamynyň dürli ugurlary, esasanam, taryhy ýadygärlikler, folklor sungaty, kino sungaty, beýik söz ussatlarynyň ýubileýlerini bilelikde geçirmek ýaly ençeme meselelerde ýakyn hyzmatdaşlyk saklamak barada pikir alşyldy.

Medeni çäreleriň çäklerinde ýurduň merkezi kitaphanasynda EYR-yň milli kitaphanasynyň başlygy, EYR-yň Prezidentiniň medeniýet meseleleri boýunça maslahatçysy hanym Aşraf Borujerdi bilen ýurdumyzyň wekiliýetiniň degişli agzalarynyň arasynda pikir alyşmalar boldy. Duşuşykda iki ýurduň kitaphana ulgamlarynyň arasynda jebis hyzmatdaşlygy ýola goýmak, gadymy golýazma eserleriniň, hatdatçylyk sungatynyň eserleriniň restawrasiýa işlerinde hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek ýaly meseleleriň ençemesi boýunça maslahat edildi. Hanym Borujerdi Eýranyň Prezidentiniň Türkmenistan bilen, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň hem şeýle gatnaşyklary ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredýändigi üçin sagbolsun aýdýandygyny nygtady.

Gepleşikler tamamlanandan soň­ra, türkmen wekiliýetini ýurduň milli kitaphanasyna aýlanyp görmäge çagyrdy. Eýran tarapynyň degişli ýolbaşçylarynyň gürrüň bermegine görä, kitaphananyň gurlanyna ýa­ňy on bäş ýyl bolupdyr. Bu ýerde kitaplaryň ýedi milliony, olaryň elektron görnüşleriniň bäş milliony saklanýar. Kitaphana sekiz gatly bolup, onuň di­ňe üç gaty ýeriň üstki böleginde ýerleşýär. Kitaphana bilen tanyşlygyň çäklerindäki söhbetdeşligiň dowamynda ýer eýeleri kitaphanada dostlukly döwletleriň kitap burçlaryny döretmäge mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, şeýle burçy türkmen eserleri üçin hem döretmegi teklip etdiler. Binanyň çäklerindäki milli gymmatlyklaryň muzeýleri, hatdatlyk sungatynyň eserleri, golýazma eserleriniň nusgalary juda haýran galdyryjydyr.

Çäreleriň dowamynda, şol bir wagtyň özünde, 16-njy iýunda Tähran şäheriniň «Khane Honarmandan» medeniýet merkezinde açylan Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we saz gurallarynyň, şeýle-de, muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň işi dowam etdi. Bu ýere ýygnananlar halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, esasanam, gelin-gyzlarymyzyň bezegi bolan asyklary, bukawlary, bilezikleri, bedew atlarymyzyň dürli bezeglerini uly gyzyklanma bilen synladylar we özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler. Türkmeniň gargy tüýdügi olaryň has hem ünsüni çekdi. Halkymyza mahsus bolan milli egin-eşiklerimizi geýip görmäge, şol lybaslar bilen ýadygärlik surata düşmäge isleg bildirýänleriň sany bolsa has hem köp boldy. Şeýle çäreler dowam edýärkä, Türkmenistanyň hem-de Eýranyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, kitap söýüjileriň, bu ýurduň raýaty bolan türkmenleriň ençemesiniň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de türkmen kitaplarynyň sergisi açyldy. Serginiň çäklerinde iki dostlukly ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylan ylalaşyklaryň, baglaşylan şertnamalaryň göçürme nusgalarynyň sergisi hem guraldy. Okyjylardyr bu ýere gelen myhmanlar kitap sergisiniň dowamynda milli Liderimiziň «Arşyň nepisligi», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» we beýleki kitaplaryna aýratyn gyzyklanma bildirdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň